12 Üç batyr ýigidiň ikinjisi ahohlardan+ Dodonyň ogly Algazardy+. Ol üç gaýduwsyz esgeriň biridi. 13 Piliştliler ysraýyllar bilen söweşmek üçin Pas-damime+ ýygnananda, Algazar hem Dawudyň ýanyndady. Şol ýerde arpa ekilen meýdan bardy. Ysraýyl esgerleri duşmanlardan gaçyp başladylar.