-
5 Musa 9:1—3Mukaddes Kitap
-
-
9 Eý ysraýyllar, diňläň! Indi Iordandan geçip+, sizden has beýik hem güýçli halklaryň ýurduny eýelärsiňiz+. Olaryň beýik-beýik, depesi göge ýetýän galalary* bardyr+. 2 Bilýänsiňiz, olaryň ilaty anaklardan dörän uzyn hem äpet adamlar+. Il arasynda-da: „Anaklara garşy çykmaga kimiň gaýraty çatar?“ diýilýär. 3 Ýöne ýadyňyzda bolsun, Ýehowa Hudaýyňyz öňüňize düşüp gider+. Ol ýakyp ýandyrýan otdur+, halklary kül edip taşlar. Hudaý olary size boýun egdirer. Ýehowanyň söz berişi ýaly, ýurdy gysga wagtyň içinde eýeläp, halklary derbi-dagyn edersiňiz+.
-