39 Dawut Nabalyň ölenini eşidip: «Guluny ýamanlykdan saklan+ Ýehowa şöhrat bolsun! Hudaý meni kemsiden Nabaldan+ arymy alyp berdi+. Ýehowa Nabalyň ýamanlygyny öz başyna getirdi!» diýdi. Soňra ol Abygaýylyň ýanyna hyzmatkärlerini iberip, ony aýaly edip almak isleýändigini aýtdy.
42 Abygaýyl+ haýal etmän goşuny düwüp, eşege mündi-de, Dawudyň hyzmatkärleri bilen gitdi. Bäş gyrnagyny hem ýany bilen alyp gitdi. Şeýdip, Abygaýyl Dawudyň aýaly boldy.