-
1 Taryh 10:8—12Mukaddes Kitap
-
-
8 Ertesi piliştliler wepat bolanlaryň zatlaryny almaga geldiler. Olar Gilbowa dagynda+ Şawul bilen ogullarynyň jesedini tapdylar. 9 Piliştliler Şawulyň kellesini kesip, ähli zadyny we ýaraglaryny aldylar-da, muny taňrylaryna+ we ildeşlerine jar etmek üçin Pilişt ýurduna habar ýolladylar. 10 Şawulyň ýaraglaryny öz taňrylarynyň buthanasynda goýdular, kellesini bolsa Dagon taňrysynyň buthanasynda+ asyp goýdular.
11 Gileadda ýaşaýan ýabeşliler+ piliştlileriň Şawula eden zatlaryny eşitdiler+. 12 Şonda olaryň batyr adamlary aýaga galdy. Olar Şawul bilen ogullarynyň jesedini Ýabeşe getirip, süňklerini bir uly agajyň aşagynda gömdüler+, soňra ýedi günläp agyz beklediler.
-