-
5 Musa 23:3—6Mukaddes Kitap
-
-
3 Ammonlardan ýa mowaplardan hiç kim Ýehowanyň halkyna goşulyp bilmez+. Hatda on nesil aýlansa-da, olaryň hiç biri Ýehowanyň halkyna goşulmaly däldir. 4 Sebäbi Müsürden çykyp gelýärkäňiz, olar size kömek etmediler, bir döwüm çörek, bir owurt suw bermediler+. Gaýtam size gargyş okatmak üçin Mesopotamiýadaky Petorda ýaşaýan Benur ogly Bilgamy hakyna tutdular+. 5 Emma Ýehowa Hudaýyňyz ony+ diňlemedi. Ýehowa Hudaýyňyz sizi gowy görýär+. Şonuň üçin Ýehowa Hudaýyňyz onuň gargyşyny alkyşa* öwürdi+. 6 Olary hiç wagt asuda we bolelin ýaşatmaň+.
-