6 Şondan soň ammonlar Dawuda duşman bolandyklaryna düşündiler. Olar wekil ýollap, Beýt-rehopdan+ we Sobadan+ siriýalylaryň 20 000 pyýada esgerini, Magak+ patyşasy bilen 1 000 adamy, Iştopdan* 12 000 adamy hakyna tutdular+.
Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. «Çigildemler ýatladýar» diýen saza goşup aýtmaly. Miktam*. Dawudyň aýdymy. Nesihat bermek üçin ýazylan. Dawut Aram-naharaýym we Aram-Soba garşy söweşýär. Ýowap yzyna dolanyp, Duz jülgesinde 12 000 edomlyny öldürýär+.