5 Damaskda ýaşaýan siriýalylar Soba patyşasy Hadatgezere kömege geldi. Emma Dawut olaryň hem 22 000 esgerini gyrdy+. 6 Ol Siriýanyň Damask şäherinde goşun bölümlerini goýdy. Siriýalylar hem Dawuda gul bolup, salgyt töläp başladylar. Ýehowa Dawuda baran ýerinde ýeňiş berýärdi+.