-
1 Şamuwel 17:50Mukaddes Kitap
-
-
50 Şeýdip, Dawut piliştli Jaluty ýeňdi. Ol gylyçsyz bolsa-da, sapany bilen bir daşda piliştlini öldürdi+.
-
-
1 Şamuwel 18:7Mukaddes Kitap
-
-
7 Olar ýeňşiň şanyna aýdym aýdyp:
«Şawul müňüsini öldürdi,
Dawut on müňüsini»+
diýerdiler.
-
-
1 Şamuwel 19:8Mukaddes Kitap
-
-
8 Birnäçe wagtdan ýene uruş turdy. Dawut piliştliler bilen söweşip, olary derbi-dagyn etdi, diri galanlary bolsa gaçyp gitdi.
-
-
2 Şamuwel 10:18Mukaddes Kitap
-
-
18 Emma siriýalylar ysraýyllardan ýeňildiler. Dawut olaryň 700 söweş arabaly esgerini, 40 000 atlysyny we goşunbaşysy Şobagy öldürdi+.
-