-
2 Şamuwel 9:3—5Mukaddes Kitap
-
-
3 Patyşa: «Şawulyň maşgalasyndan diri galan barmy? Hudaýyň haky üçin, oňa ýagşylyk edeýin*» diýdi. Zyban: «Ýonatanyň iki aýagy hem agsak ogly bar»+ diýdi. 4 Patyşa: «Nirede ol?» diýip sorady. Zyban: «Lodebarda, Emiýeliň ogly Mahyryň+ öýünde» diýdi.
5 Dawut patyşa dessine Lodebara adam iberip, ony Emiýeliň ogly Mahyryň öýünden getirtdi.
-