35 Ruhanylardan Sadyk bilen Abyýatar ýanyňda bolar. Köşkde näme gep-gürrüň bolsa, olara habar ber+. 36 Sadygyň ogly Ahymagas+ bilen Abyýataryň ogly Ýonatan+ hem şol ýerdedir. Eşiden zatlaryňy şolaryň üsti bilen maňa ýetirip dur» diýdi.
17 Ýonatan+ bilen Ahymagas+ En-rogelde+ galypdy. Olar hiç kime görünmejek bolup, şähere girmändiler. Bir hyzmatkär gyz gidip, ähli zady olara habar berdi. Olar hem Dawut patyşa duýdurmak üçin ýola düşdüler.