-
2 Şamuwel 9:7—10Mukaddes Kitap
-
-
7 Dawut: «Gorkma, kakaň Ýonatanyň hatyrasyna saňa elimden gelen ýagşylygy ederin*+. Ataň Şawulyň mülküni yzyna bererin, sen hemişe meniň saçagymdan çörek iýersiň»+ diýdi.
8 Şonda Mepiboşet tagzym edip: «Beýle sylag-hormat eder* ýaly men kim?! Guluňyz öli it ahyryn»+ diýdi. 9 Patyşa Şawulyň hyzmatkäri Zybany çagyrdyp: «Şawula we hojalygyna degişli ähli zady agtygyna berdim+. 10 Ogullaryňy, hyzmatkärleriňi al-da, hojaýynyň agtygy Mepiboşetiň melleginde işle. Iýjek çöregi bolar ýaly, hasylyny öýündäkilere ber. Mepiboşet bolsa hemişe meniň saçagymdan iýip içer»+ diýdi.
Zybanyň 15 ogly, 20 hyzmatkäri bardy+.
-