-
2 Şamuwel 19:15Mukaddes Kitap
-
-
15 Patyşa ýola düşüp, Iordana ýetdi. Ýahudalar Dawudy garşylamaga we Iordan derýasyndan geçirmäge Gilgala+ geldiler.
-
-
2 Şamuwel 19:41, 42Mukaddes Kitap
-
-
41 Soňra beýleki ysraýyllar patyşanyň ýanyna gelip: «Ýahudalar näme üçin bize aýtman, patyşany, maşgalasyny we adamlaryny Iordandan geçiripdir?»+ diýdiler. 42 Ýahudalar bolsa: «Patyşa biziň garyndaşymyz+, näme gaharlanýaňyz? Muny patyşadan bir zat tamakin bolup ýa serpaý aljak bolup edendiris öýdýäňizmi?» diýdiler.
-