Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Ýuşa 16:10
    Mukaddes Kitap
    • 10 Emma olar Gezerde ýaşaýan kenganlary kowmadylar+. Şol sebäpli kenganlar häzirem efraýymlaryň arasynda gul bolup ýaşaýar+.

  • 1 Patyşalar 9:20—22
    Mukaddes Kitap
    • 20 Amorlar, hetler, perizler, hiwiler we ýabuslar+ ysraýyl halkyndan däldi+. Süleýman şol halklardan diri galan adamlary, 21 ysraýyllaryň elinden ölmän galan nesillerini gul edip, agyr işde işletdi. Olar häzire çenli hem gul bolup ýaşaýarlar+. 22 Emma Süleýman ysraýyllaryň hiç birini gul etmedi+. Olar Süleýmanyň nökerleri, emeldarlary, han⁠-⁠begleri, serkerdeleri, söweş arabaly hem⁠-⁠de atly esgerleriniň baştutanlary bolup hyzmat etdiler.

  • 2 Taryh 2:2
    Mukaddes Kitap
    • 2 Süleýman patyşa 70 000 adama ýük daşatdy, 80 000 adama dagda daş ýondurdy+, 3 600 adamy bolsa işçilere gözegçi edip goýdy+.

  • 2 Taryh 2:17, 18
    Mukaddes Kitap
    • 17 Süleýman kakasy Dawudyň edişi ýaly, Ysraýylda ýaşaýan gelmişekleri hasaba aldy+; olar jemi 153 600 adamdy. 18 Süleýman 70 000 adama ýük daşatdy, 80 000 adama dagda daş ýondurdy+, 3 600 adamy bolsa işçilere gözegçi edip goýdy+.

  • 2 Taryh 8:7—9
    Mukaddes Kitap
    • 7 Hetler, amorlar, perizler, hiwiler we ýabuslar+ ysraýyl halkyndan däldi. Süleýman şol halklardan diri galan adamlary+, 8 ysraýyllaryň elinden ölmän galan nesillerini+ agyr işde işletdi. Olar häzire çenli hem gul bolup ýaşaýar+. 9 Emma Süleýman ysraýyllaryň hiç birini gul etmedi+. Olar Süleýmanyň nökerleri, serkerdebaşylary, söweş arabaly hem⁠-⁠de atly esgerleriniň baştutanlary bolup hyzmat etdiler+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş