-
2 Taryh 4:11—17Mukaddes Kitap
-
-
11 Huram başga-da gaplary, pilçeleri we tabaklary ýasady+.
Ol hak Hudaýyň öýünde Süleýman patyşanyň tabşyran ähli işlerini tamamlady+. 12 Huram iki sütüni+, olaryň depesindäki käse şekilli täçleri, olary bezemek üçin iki sany zynjyrly tory+, 13 sütünleriň depesindäki käse şekilli täçleri+ bezemek üçin, şol torlara iki setir edip dakar ýaly 400 sany naryň şekilini+, 14 on arabany, olaryň üstündäki on legeni+, 15 howzy we onuň aşagyndaky 12 öküzi+, 16 gaplary, pilçeleri, çarşaklary*+ we Ýehowanyň öýi üçin Süleýman patyşanyň aýdan başga-da gap-gaçlaryny ýasady. Huramabyp+ olaryň ählisini ýalpyldawuk misden ýasapdy. 17 Patyşa olary Iordan düzlüginde, Sukot+ bilen Zeredanyň aralygynda toýun galyplara guýup ýasatdy.
-