-
2 Şamuwel 8:10—12Mukaddes Kitap
-
-
10 Tohyt Dawudyň hal-ýagdaýyny soramak we Hadatgezeriň üstünden gazanan ýeňşi bilen gutlamak üçin ogly Ýoramy iberdi. Sebäbi Hadatgezer Tohyt bilen häli-şindi söweşerdi. Ýoram Dawuda kümüşden, altyndan we misden ýasalan sowgatlary äkitdi. 11 Dawut bolsa olary Ýehowa bagyş etdi*. Ol boýun egdiren milletlerinden alan altyn-kümüşlerini+, ýagny 12 siriýalylardan, mowaplardan+, ammonlardan, piliştlilerden+, amaleklerden+ we Soba patyşasy Rehop ogly Hadatgezerden alan zatlaryny+ Hudaýa bagyş etdi.
-