-
2 Taryh 6:3—11Mukaddes Kitap
-
-
3 Patyşa yzyna öwrülip, tutuş ysraýyl jemagatyna ak pata berdi. Şol wagt ysraýyllar aýak üstünde durdy+. 4 Süleýman şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şöhrat bolsun! Ol kakam Dawuda beren wadasyny berjaý etdi*. 5 Hudaý: „Ysraýyl halkymy Müsürden çykaran günümden bäri adymy beýgeltjek öý+ gurmak üçin ysraýyl taýpalarynyň hiç bir şäherini saýlamandym. Hiç kimi ysraýyl halkyma baştutan etmedim. 6 Soňra adymy şöhratlandyrmak üçin Iýerusalimi saýladym+, Dawudy ysraýyl halkyma baştutan edip saýladym“+ diýdi. 7 Kakam Dawut Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň adyny göterýän öý gurmak isleýärdi+. 8 Emma Ýehowa: „Sen meniň adyma öý gurmak isleýäň, gowy niýetiň bar. 9 Ýöne öýi sen gurmarsyň. Adymy göterjek öýi seniň ogluň* gurar“+ diýdi. 10 Ýehowa beren sözünde durdy, men kakam Dawudyň mirasdüşeri boldum, Ýehowanyň wada berişi ýaly+, Ysraýyl tagtyna geçdim+. Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň adyna öý gurdum. 11 Äht sandygyny hem getirip goýdum. Sandygyň içinde Ýehowanyň ysraýyl halky bilen baglaşan ähti bar»+.
-