Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 4 Musa 9:14
    Mukaddes Kitap
    • 14 Araňyzdaky gelmişekler hem Pasha baradaky kanuna we görkezmä eýerip+, Ýehowa üçin Pasha gurbanlygyny taýynlasyn+. Gelmişek üçinem, ýerli halk üçinem bir kanun bolsun“»+ diýdi.

  • Rut 1:16
    Mukaddes Kitap
    • 16 Rut gaýynenesine: «Sizi taşlap gitmegi, yzyma dolanmagy haýyş etmäň. Siz nirä gitseňiz, menem yzyňyzdan giderin. Siz nirede ýatsaňyz, menem ýanyňyzda ýataryn. Siziň halkyňyz — meniň halkym, siziň Hudaýyňyz — meniň Hudaýym bolar+.

  • 2 Patyşalar 5:15
    Mukaddes Kitap
    • 15 Soňra Nagyman nökerleri bilen hak Hudaýyň gulunyň ýanyna baryp+: «Men indi diňe Ysraýyl ýurdunda hak Hudaýyň bardygyna göz ýetirdim+. Guluňdan şu sylag⁠-⁠serpaýlary* kabul et» diýdi.

  • 2 Taryh 6:32, 33
    Mukaddes Kitap
    • 32 Başga milletli adam seniň beýik adyň+, güýç⁠-⁠kuwwatly goluň hakda eşidip, uzak ýerden gelse, öýüňe seredip doga etse+, 33 gökdäki mekanyňdan eşidip, başga milletli adamyň ähli haýyşyny bitir. Şonda ysraýyl halkyň ýaly, bütin ýer ýüzüniň halklary adyňy tanap+, senden gorkar we guran öýümiň seniň adyňy göterýändigini biler.

  • Işaýa 56:6, 7
    Mukaddes Kitap
    •  6 Ýehowanyň adyny söýýän+,

      Onuň guly bolmak isleýän,

      Sabat gününi berjaý edýän, ony haram etmeýän,

      Ähtimi berk saklaýan,

      Ýehowa gulluk we sežde etmek isleýän keseki adamlary

       7 Mukaddes dagyma alyp gelerin+,

      Doga edilýän öýüme getirip begendirerin.

      Gurbanlyk ojagynda* beren gurbanlyklaryny,

      Ýakma gurbanlyklaryny kabul ederin.

      Sebäbi meniň öýüme halklaryň doga-dileg öýi diýler»+.

  • Resullar 8:27
    Mukaddes Kitap
    • 27 Ol hem ýola düşdi. Ýolda barýarka, Efiopiýanyň aýal patyşasynyň* hazynasyna seredýän wezire* duşdy. Ol Iýerusalime Hudaýa sežde etmek üçin gelipdi+,

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş