24 Şonda olaram, başga halklaram: „Ýehowa ýurdy näme üçin beýle ýagdaýa saldyka?+ Ol näme üçin gaharlandyka?“ diýerler. 25 Şonda olara: „Ata-babalarynyň Hudaýy Ýehowa halkyny Müsürden çykaranda äht baglaşypdy+. Olar bolsa şol ähti bozdular+.
8 Köp milletler şäheriň deňinden geçenlerinde: „Ýehowa näme üçin beýik şäheri weýran etdikä?“ diýerler+. 9 Şonda olara: „Halk Ýehowa Hudaýa beren ähtini bozdy, ýat taňrylara sežde etdi, gulluk etdi“ diýerler“+.