-
2 Taryh 9:1, 2Mukaddes Kitap
-
-
9 Süleýmanyň şan-şöhraty Şeba ýurdunyň şa aýalyna-da+ baryp ýetdi. Ol Süleýmany kyn soraglar bilen synamak üçin Iýerusalime geldi. Şa aýaly birtopar emeldarlary bilen düýelerde melhem ýag, ummasyz köp altyn+, gymmatbaha daş getirdi. Ol Süleýmanyň huzuryna baryp, bilmek isleýän zatlaryny sorady+. 2 Süleýman şa aýalynyň ähli soraglaryna jogap berdi, Süleýmanyň oňa düşündirip bilmedik zady bolmady.
-