30 Seždegähleriňizi* ýumrup+, tütetgi ýakýan ojaklaryňyzy çym-pytrak ederin. Ýigrenji butlaryňyzy* kül edip, üstüne maslyklaryňyzy sererin+. Sizi ýigrenip, ýüz öwrerin+.
3 Ol kakasy Hizkiýanyň ýumran seždegählerini*+ dikeltdi. Ysraýyl patyşasy Ahap ýaly, Bagal üçin gurbanlyk ojaklaryny* gurup+, keramatly pürs*+ dikdi. Asman jisimlerine* tagzym etdi, sežde etdi+.