20 Ýerobgamyň dolanyp gelendigini eşidip, tutuş ysraýyl halky bir ýere jemlendi. Olar Ýerobgamy çagyryp, ony tutuş Ysraýyla patyşa edip bellediler+. Dawudyň neslini bolsa diňe ýahuda taýpasy goldady+.
11Rehobam Iýerusalime geldi-de, ysraýyllar bilen söweşmek üçin ýahuda we benýamin+ taýpalaryndan 180 000 edermen* esgeri ýygnady+, ol patyşalygy yzyna aljak bolýardy.