-
2 Patyşalar 23:15, 16Mukaddes Kitap
-
-
15 Ol Beýteldäki gurbanlyk ojagyny, Ysraýyla günä etdiren Nebatyň ogly Ýerobgamyň guran seždegähini ýumurdy+. Soňra ol seždegähi otlap, kül etdi, keramatly pürsi* hem ýakdy+.
16 Ýoşyýa daş-töweregine göz aýlap, dagda duran mazarlygy gördi. Ol merhumlaryň süňklerini çykardyp, gurbanlyk ojagynda ýakdy-da, ulanylmaz ýaly etdi*. Şeýdip, Ýehowanyň pygamberi arkaly aýdan sözi berjaý boldy+.
-
-
2 Taryh 34:33Mukaddes Kitap
-
-
33 Soňra patyşa Ysraýyl ýurdundaky ýigrenji butlary ýok etdi+. Ol ysraýyllary hem Ýehowa Hudaýa gulluk etmäge höweslendirdi. Ýoşyýanyň döwründe olar ata-babalarynyň Hudaýy Ýehowanyň ýolundan sowulmadylar.
-