-
1 Patyşalar 2:31—34Mukaddes Kitap
-
-
31 Patyşa hem: «Aýdyşy ýaly, ony öldür-de, jaýla. Meni we atamyň öýüni Ýowabyň döken nähak ganyndan arassala+. 32 Ol kakam Dawuda hiç zat aýtman-etmän, özünden has gowy, has dogruçyl iki adamy öldürdi. Ysraýyl goşunbaşysy+ Nur ogly Abnury+ hem-de Ýahudanyň goşunbaşysy+ Ýether ogly Emasany gylyçdan geçirip+ döken gany üçin, Ýehowa oňa jezasyny berer. 33 Olaryň gany elmydama Ýowabyň we nesliniň boýnuna bolar+. Dawuda, nesline, maşgalasyna we patyşalygyna* bolsa, goý, Ýehowa hemişe parahatlyk bersin» diýdi. 34 Ýehoýadanyň ogly Binaýa gidip, Ýowaby öldürdi. Ýowaby çölde, öýüniň golaýynda jaýladylar.
-