-
1 Patyşalar 12:28—30Mukaddes Kitap
-
-
28 Ol adamlary bilen maslahatlaşyp, iki altyn göle ýasady-da+, halka: «Iýerusalime gidip kösenmäň. Eý Ysraýyl, ine sizi Müsür ýurdundan çykaran Hudaýyňyz»+ diýdi. 29 Ýerobgam olaryň birini Beýtelde+, beýlekisini Danda+ goýdy. 30 Şeýdip, halk günä edip başlady+, olar gölä sežde etmek üçin, hatda Dan topragyna-da gidýärdiler.
-
-
1 Patyşalar 13:33, 34Mukaddes Kitap
-
-
33 Şu zatlardan soňam Ýerobgam ýaman ýolundan dänmedi. Gaýtam seždegählerde ýönekeý adamlardan ruhanylary belledi+. Ol ruhany bolasy gelýän islendik adamy: «Goý, seždegähde ruhany bolsun»+ diýip, ruhany bellärdi. 34 Ýerobgamyň öý-içerisiniň eden günäsi+ olaryň başyna ýetdi, bütinleý gyrylmagyna sebäp boldy+.
-