-
2 Şamuwel 15:23Mukaddes Kitap
-
-
23 Patyşa bilen adamlar ýola düşende, tutuş Iýerusalim ilaty ses edip aglady. Dawut Kidron jülgesiniň+ golaýyna baryp durdy, adamlar bolsa çöle tarap ýöräp ugradylar.
-
-
2 Taryh 15:16—18Mukaddes Kitap
-
-
16 Asa patyşa hatda mamasy Magagy+ hem şa aýalyň wezipesinden aýyrdy, sebäbi ol ýigrenji but ýasap, keramatly pürse* sežde edýärdi+. Asa mamasynyň ýasan ýigrenji butuny çapyp, kül-owram etdi-de, Kidron jülgesinde ýakdy+. 17 Emma Ysraýyldaky+ seždegähler* ýok edilmändi+. Asa bolsa bütin ömrüne Hudaýa ýürekden gulluk etdi+. 18 Ol özüniň-de, kakasynyň-da Hudaýa bagyş eden* altyn-kümüşlerini we gap-gaçlaryny hak Hudaýyň öýüne getirdi+.
-