-
1 Patyşalar 14:10, 11Mukaddes Kitap
-
-
10 Şonuň üçin Ýerobgamyň maşgalasyny betbagtçylyga uçradyp, ähli erkek göbeklilerini, hatda ejiz, gowşak adamlaryny hem Ysraýyldan ýok ederin. Malýatagyň tezekden arassalanyşy ýaly, Ýerobgamyň maşgalasyny syryp-süpürip taşlaryn+. 11 Ýerobgamyň maşgalasynyň şäherde ölenlerini itler iýer, açyk meýdanda ölenleri guşlara şam bolar, muny Ýehowa aýdýar“.
-
-
1 Patyşalar 15:29Mukaddes Kitap
-
-
29 Başa tagta geçen badyna, Ýerobgamyň neslini bütinleý gyrdy. Ýehowanyň guly şiloly Ahyýar pygamberiň aýdyşy ýaly, Başa Ýerobgamyň maşgalasynda hiç kimi diri galdyrman, ählisini gyrdy+.
-