-
1 Patyşalar 9:9Mukaddes Kitap
-
-
9 Şonda: „Ysraýyl halky ata-babalaryny Müsürden çykaran Ýehowa Hudaýyny taşlap, başga taňrylara sygyndy, olara tagzym edip, sežde etdi. Şonuň üçin Ýehowa olaryň başyna betbagtçylyk getirdi“+ diýerler».
-
-
1 Patyşalar 16:30—33Mukaddes Kitap
-
-
30 Omranyň ogly Ahap Ýehowanyň ýigrenýän işlerine baş goşup, ýamanlyk etmekde öňki patyşalardan-da geçirdi+. 31 Ol Nebatyň ogly Ýerobgamyň eden günälerini+ gaýtalady. Muny hem az görýän ýaly, sidonlylaryň+ patyşasy Etbagalyň gyzy Izabele+ öýlenip, Bagala sežde edip+ başlady. 32 Soňra ol Samariýada Bagal üçin buthana+ gurup, Bagala gurbanlyk ojagyny* ýasady. 33 Ahap keramatly pürs*+ hem ýasady. Ol Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň göwnüne degip, erbet işleri etmekde Ysraýylyň öňki patyşalaryndan has-da geçirdi.
-