5 Olara tagzym etmäň, sežde etmäň*+. Sebäbi men, Hudaýyňyz Ýehowa, ýürekden wepaly bolmagy talap edýärin*+. Meni ýigrenýän atalaryň etmişi üçin ogullaryna, agtyk-çowluklaryna* jeza berýärin.
15 Eger Ýehowa gulluk etmek islemeseňiz, onda kime gulluk etjekdigiňizi saýlaň+. Isleseňiz, ata-babalaryňyzyň derýanyň* aňyrsynda sežde eden taňrylaryna+, isleseňiz hem, amorlaryň taňrylaryna sežde ediň+. Men bolsa maşgalam bilen Ýehowa gulluk etjek» diýdi.
3 Şamuwel olara: «Ýehowa bütin ýüregiňiz+ bilen dolanjak bolsaňyz, araňyzdan başga taňrylary+, Aştoret butlaryny+ aýryň. Ýüregiňizi doly Ýehowa berip, diňe oňa gulluk ediň+. Ol hem sizi piliştlileriň elinden halas eder»+ diýdi.