Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Işaýa 45:20
    Mukaddes Kitap
    • 20 Halklardan gaçyp gutulanlar!+

      Geliň, toplanyň, bir ýere ýygnanyň.

      Oýma butlary göterýänler,

      Halas edip bilmeýän taňra dileg edýänler hiç zat bilmeýär+.

  • Ýermeýa 10:5
    Mukaddes Kitap
    •  5 Butlar hyýar meýdanyndaky garantga meňzeýärler, gepläp bilmeýärler+.

      Butlar ýöräp bilmeýärler, olary göterip geçirýärler+.

      Olardan gorkmaň, sebäbi olar ne erbetlik,

      Ne⁠-⁠de ýagşylyk edip bilýärler»+.

  • Danyýar 5:23
    Mukaddes Kitap
    • 23 Özüňizi gögüň Eýesinden ýokary tutduňyz+, Hudaýyň öýüniň käselerini getirtdiňiz+. Siz han⁠-⁠begleriňiz, aýallaryňyz we gyrnaklaryňyz bilen olara şerap guýup içdiňiz. Siz hiç zady görmeýän, hiç zady eşitmeýän we hiç zady bilmeýän altyndan, kümüşden, misden, demirden, agaçdan, daşdan ýasalan taňrylara alkyş okadyňyz+. Emma janyňyz Allanyň elinde bolsa⁠-⁠da+, ýörejek ýollaryňyzy bilse⁠-⁠de, siz ony şöhratlandyrmadyňyz.

  • Habakuk 2:18, 19
    Mukaddes Kitap
    • 18 Ussanyň ýasan butundan,

      Oýup ýasan butundan ne peýda?

      Guýma butdan ne peýda? Buta ýüz tutmak biderekdir.

      Gepläp bilmeýän dereksiz butlary ýasap,

      Olara bil baglamakdan ne peýda?+

      19 Agaja: „Oýan!“ diýip ýalbarýanyň,

      Dilsiz daşa: „Tur! Ýol görkez!“ diýýäniň waý halyna!

      Olara altyn, kümüş çaýylandyr+,

      Emma olaryň jany ýokdur+.

  • 1 Korinfliler 8:4
    Mukaddes Kitap
    • 4 Butlara berlen sadakalar hakda gürrüň etsem, biz butlaryň peýdasyzdygyny+ we Allanyň ýeke-täkdigini bilýäris+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş