-
2 Taryh 18:18—22Mukaddes Kitap
-
-
18 Mikhaý bolsa: «Onda Ýehowanyň sözüni diňläň. Görsem, Ýehowa tagtda otyr+, gökleriň ähli goşuny+ sag hem çep tarapynda dur+. 19 Ýehowa: „Ysraýyl patyşasy Ahap Ramot-gileada gidip, heläk bolar ýaly, kim ony aldawa salyp biler?“ diýdi. Şonda perişdeleriň hersi bir zat diýdi. 20 Soňra bir perişde*+ öňe çykyp, Ýehowanyň huzurynda durdy-da: „Men Ahaby aldawa salaryn“ diýdi. Ýehowa: „Nädip?“ diýip sorady. 21 Ol bolsa: „Men gidip, onuň ähli pygamberlerine ýalan sözlederin*“ diýdi. Hudaý: „Git-de, aýdyşyň ýaly et. Sen muny başararsyň, Ahaby aldawa salyp bilersiň“ diýdi. 22 Ine, şeýdibem, Ýehowa ähli pygamberleriňe ýalan sözletdi*+. Aslynda, Ýehowa seniň başyňa betbagtçylyk getirjek bolýar» diýdi.
-
-
Danyýar 7:9, 10Mukaddes Kitap
-
-
9 Görsem, tagtlar peýda boldy. Owaldan Bar Bolan+ tagtynda oturdy+. Onuň lybasy gar ýaly akdy+, saçy ýüň kimin ap-akdy. Onuň tagty alawlap durdy, tigirleri ýanyp durdy+. 10 Onuň tagtyndan otly çeşme akýardy+. Müňlerçe* perişdeler oňa hyzmat edýärdi, millionlarçasy* huzurynda durdy+. Kazy+ geçip oturdy we kitaplar açyldy.
-