-
2 Musa 15:23—25Mukaddes Kitap
-
-
23 Biraz wagtdan Marra*+ baryp ýetdiler. Ýöne ol ýeriň suwy ajy bolansoň, içip bilmediler. Şonuň üçin şol ýere Marra diýdiler. 24 Adamlar: «Biz indi suwsuz öläýmelimi?» diýip, Musa igenip başladylar+. 25 Şonda Musa Ýehowadan kömek sorady+. Ýehowa hem bir kiçiräk agajy görkezdi. Musa agajy suwa taşlady welin, suw süýji suwa öwrüldi.
Şol ýerde Hudaý halky üçin belli bir tertip-düzgüni ýola goýup, haýsy ýagdaýda nähili temmi beriljekdigini düşündirdi. Ol halkynyň ýüregini bilmek isledi*+.
-
-
2 Patyşalar 2:19—21Mukaddes Kitap
-
-
19 Birnäçe wagtdan şäheriň adamlary Alyşa: «Halypa, biler bolsaň, şäheriň ýerleşýän ýeri gowy+, ýöne suwy erbet, toprak hasyl berenok*» diýdiler. 20 Şonda Alyşa: «Kiçiräk täze tabaga duz salyp getiriň» diýdi. Olaram getirip berdiler. 21 Alyşa çeşmäniň gözbaşyna gidip, duzy suwa sepdi-de+: «Ýehowa şeýle diýýär: „Men suwy arassalaýaryn. Indi suw sebäpli ölüm-ýitim bolmaz, toprak hem hasylsyz bolmaz*“» diýdi.
-