-
1 Patyşalar 16:15—19Mukaddes Kitap
-
-
15 Ýahuda patyşasy Asanyň hökümdarlygynyň 27-nji ýylynda, ysraýyl esgerleri piliştlileriň Gibeton şäherini+ gabap ýörkä, Zimri Tirsada patyşa boldy. Ol ýedi gün höküm sürdi. 16 Şäheriň daşyny gaban esgerler Zimriniň patyşany öldürendigini eşitdiler. Şol gün olar* düşelgede goşunbaşy Omrany+ Ysraýylyň patyşasy edip bellediler. 17 Omra esgerleri* bilen Gibetondan gaýdyp, Tirsanyň daşyny gabady. 18 Zimri bolsa şäheriň basylyp alnandygyny görüp, köşgüň diňine çykdy-da, köşgi otlap, içinde ýanyp öldi+. 19 Şol zatlar Zimriniň eden we Ysraýyla etdiren günäleri sebäpli bolupdy. Ol Ýerobgamyň ýaman ýolundan ýöräp, Ýehowanyň öňünde erbet işleri edipdi+.
-