-
2 Patyşalar 21:16Mukaddes Kitap
-
-
16 Manaşa Ýehowanyň öňünde erbet işleri edip, Ýahuda halkyna günä etdirenini az görýän ýaly, Iýerusalimiň o çetinden bu çetine çenli gan çaýkap, birgiden bigünä adamy öldürdi+.
-
-
2 Patyşalar 23:26Mukaddes Kitap
-
-
26 Emma Ýehowanyň Ýahuda gelen gahary köşeşmedi, sebäbi Manaşa köp ýigrenji işleri edip, Hudaýyň göwnüne degipdi+.
-
-
2 Taryh 33:11—13Mukaddes Kitap
-
-
11 Şol sebäpli Ýehowa Assiriýa patyşasynyň goşun serkerdelerini olara garşy aýaga galdyrdy. Serkerdeler Manaşa çeňňek ildirip*, iki mis gandala baglap, Wawilona äkitdiler. 12 Manaşa betbagtçylyga uçranda, Ýehowa Hudaýdan rehim-şepagat diledi. Ol ata-babalarynyň Hudaýynyň öňünde özüni kiçeltdi. 13 Manaşa dyngysyz doga etdi, Hudaý hem ahy-nalasyny, doga-dilegini eşidip, Iýerusalimdäki patyşalyk tagtyny gaýtaryp berdi+. Şonda Manaşa Ýehowanyň hak Hudaýdygyna göz ýetirdi+.
-