-
2 Taryh 33:7—9Mukaddes Kitap
-
-
7 Ol oýma but ýasap, hak Hudaýyň öýünde+ goýdy. Hudaý Dawut bilen ogly Süleýmana: «Şu öý, ysraýyl taýpalarynyň arasyndan saýlan şäherim Iýerusalim hemişe meniň adymy göterer+. 8 Ysraýyllar tabşyryklarymy birkemsiz ýerine ýetirseler, gulum Musa arkaly beren kanunyma, düzgünlerime we hökümlerime doly eýerseler, olary ata-babalaryna beren ýurdumdan hiç wagt kowmaryn» diýipdi. 9 Manaşa bolsa Ýahuda we Iýerusalim ilatyny ýoldan çykardy. Olar Ýehowanyň ýurtdan ýok eden halklaryndan hem beter erbet işleri etdiler+.
-