-
Markus 8:6—8Mukaddes Kitap
-
-
6 Şonda Isa märekäni ýerde oturtdy. Soňra ýedi çöregi alyp, Hudaýa minnetdarlyk aýtdy-da, olary bölüşdirip, şägirtlerine berdi. Şägirtler bolsa märekä paýladylar+. 7 Olaryň birnäçe kiçi balygy hem bardy. Isa Hudaýa minnetdarlyk aýtdy-da, balyklary hem paýlamagy tabşyrdy. 8 Adamlar iýip doýandan soň, galan bölekleri ýygnadylar. Şonda ýedi uly sebet doldy+.
-
-
Ýahýa 2:7—9Mukaddes Kitap
-
-
7 Isa hyzmatkärlere: «Çelekleri suwdan dolduryň» diýdi. Olar hem çelekleri püre-pür etdiler. 8 Soňra Isa: «Ondan biraz alyp, toýuň guramaçysyna eltip beriň» diýdi. Olar hem aýdyşy ýaly etdiler. 9 Toýuň guramaçysy şeraba öwrülen suwdan içip gördi. Ol şerabyň nireden alnandygyny bilmeýärdi, ýöne çelekden suw getiren hyzmatkärler bilýärdi. Soňra ol öýlenýän ýigidi çagyryp:
-