-
2 Taryh 28:24, 25Mukaddes Kitap
-
-
24 Ahaz hak Hudaýyň öýündäki gap-gaçlary ýygnatdy. Ol hak Hudaýyň öýüniň gap-gaçlaryny bölekledi+, Ýehowanyň öýüniň gapylaryny ýapdy+, Iýerusalimiň her köçesinde gurbanlyk ojaklary* gurdy. 25 Ýahudanyň şäherlerinde hem ýalan taňrylara gurban bermek üçin seždegähleri gurdy+. Şeýdip, ol ata-babalarynyň Hudaýy Ýehowanyň göwnüne degdi.
-
-
Ýermeýa 36:22—24Mukaddes Kitap
-
-
22 Patyşa ýylyň dokuzynjy aýynda gyşky köşgünde otyrdy. Öňündäki ojakda ot ýanyp durdy. 23 Ýehut golýazmanyň her üç-dört sütünini okap bolanda, patyşa kätibiň pyçagy bilen okalan bölegi kesip, ýanyp duran ojaga taşlady. Şeýdip, tutuş golýazma gutarýança ojaga atdy. 24 Patyşa-da, hyzmatkärleri-de gorkmady, habary eşidip, hiç kim ýakasyny-da ýyrtmady.
-