-
1 Şamuwel 16:6—10Mukaddes Kitap
-
-
6 Olar gelende, Şamuwel Alyýaby+ görüp: «Ine, Ýehowanyň saýlany şu bolmaly» diýdi. 7 Emma Ýehowa: «Onuň boý-syratyna, daýawlygyna seretme+, men ony saýlamadym. Hudaýyň garaýşy adamyňky ýaly däldir. Adam daş keşbe seredýär, Ýehowa ýürege seredýär»+ diýdi. 8 Soňra Ýesse Abynadaby+ Şamuweliň ýanyna getirdi. Ýöne Şamuwel: «Ýehowa muny saýlamady» diýdi. 9 Soňra Ýesse Şammaýy+ getirdi, emma Şamuwel: «Ýehowa muny hem saýlamady» diýdi. 10 Şeýdip, Ýesse Şamuwele ýedi oglunam görkezdi, ýöne ol: «Ýehowa olaryň hiç birini saýlamady» diýdi.
-