-
2 Şamuwel 24:18—23Mukaddes Kitap
-
-
18 Şol gün Gad pygamber Dawudyň ýanyna gelip: «Git-de, ýabuslardan Arunanyň harmanynda Ýehowa üçin gurbanlyk ojagyny* gur»+ diýdi. 19 Dawut Ýehowanyň tabşyrygyna gulak asyp, Gad pygamberiň aýdyşy ýaly ýola düşdi. 20 Dawut patyşanyň hyzmatkärleri bilen gelýänini gören Aruna ylgap çykdy-da, ýüzüni ýere berip, tagzym etdi. 21 Ol: «Şa hezretleri gulunyň ýanyna näme üçin geldikä?» diýip sorady. Dawut: «Halkyň başyndan gyrgynçylyk aýrylar ýaly+ harmanyňy satyn alyp, Ýehowa üçin gurbanlyk ojagyny gurmaga geldim» diýdi. 22 Emma Aruna: «Patyşahym, harmany saňa mugt bereýin. Islän zadyňy gurban ber. Ine ýakma gurbanlygy üçin öküz, odun üçin harman döwülýän tagta bilen boýuntyrygam bar. 23 Men* olary şa hezretlerine berýärin» diýdi. Soňra ol: «Goý, Ýehowa saňa ak pata bersin!» diýdi.
-