-
1 Taryh 3:1—9Mukaddes Kitap
-
-
3 Dawudyň Hebronda birnäçe ogly boldy+. Nowbahar ogly Emin+ ýizregelli Aganogamdan+ boldy, ikinji ogly Danyýar karmelli Abygaýyldan+ boldy. 2 Üçünji ogly Abselim+ Geşur hany Talmaýyň gyzy Magakdan boldy, dördünji ogly Adonyýar+ Haggytdan boldy. 3 Bäşinji ogly Şepatýa Abytaldan, altynjy ogly Itregam bolsa Egla diýen aýalyndan boldy. 4 Şeýlelikde, Hebronda Dawudyň alty ogly boldy. Dawut Hebronda ýedi ýarym ýyl, Iýerusalimde 33 ýyl höküm sürdi+.
5 Dawudyň Iýerusalimde doglan ogullary+: Şimek, Şobap, Natan+ we Süleýman+. Olaryň dördüsi Emiýeliň gyzy Batşebadan+ bolupdy. 6 Dawudyň başga-da dokuz ogly bardy. Olar: Ybhar, Alyşam, Alypelet, 7 Nogan, Nepek, Ýapa, 8 Alyşam, Alyýat we Alypelet. 9 Olaryň hemmesi Dawudyň ogullarydy. Dawudyň gyrnaklaryndan hem ogullary boldy. Olaryň Tamar+ diýen uýasy bardy.
-