-
2 Patyşalar 21:19—24Mukaddes Kitap
-
-
19 Amon+ 22 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde iki ýyl höküm sürdi+. Ejesi Meşulemet ýotbaly Harusyň gyzydy. 20 Amon kakasy Manaşa ýaly, Ýehowanyň öňünde erbet işleri edýärdi+. 21 Ol kakasynyň ýaman ýolundan ýöräp, nejis butlaryna çokunýardy, sežde edýärdi+. 22 Ol ata-babalarynyň Hudaýy Ýehowadan ýüz öwürdi, Ýehowanyň ýolundan ýöremedi+. 23 Ahyrsoňy hyzmatkärleri dil düwşüp, köşkde Amony öldürdiler. 24 Emma adamlar Amon patyşa garşy dil düwşenleri öldürip, ýerine ogly Ýoşyýany patyşa bellediler+.
-