-
Hyzkyl 17:12—15Mukaddes Kitap
-
-
12 «Gozgalaňçy halka şeýle diý: „Siz aýdanlarymyň manysyna düşünmediňizmi? Wawilon patyşasy Iýerusalime gelip, onuň patyşasyny, han-beglerini tutup, ýany bilen Wawilona alyp gitdi+. 13 Şeýle-de ol patyşanyň neslinden bir adama+ ant içirip, onuň bilen äht baglaşdy+. Ol ýany bilen ýurduň abraýly adamlaryny hem alyp gitdi+. 14 Ol muny patyşalyk gowşak bolsun, aýaga galyp bilmesin we ähtini bozan güni, onuň soňy gelsin diýip etdi+. 15 Emma patyşa oňa garşy baş göterdi+. Ol Müsüre çapar ýollap, ençeme at+ we esger+ sorady. Onuň işi ugruna bolarmyka? Şeýle işleri eden adam jezadan gutularmyka? Ähti bozan aman galyp bilermikä?“+
-