-
1 Patyşalar 8:37—40Mukaddes Kitap
-
-
37 Eger ýurda açlyk düşse+ ýa mergi keseli dörese, howurly ýel öwüsse, ekinler heň bilen çüýrese+, çekirtge ýagyp, bar zady ýalmap ýuwutsa, ýa-da bir şähere duşman çozsa, nähili bela-beter, nähili kesel bolsa-da+, 38 bir adam ýa-da tutuş ysraýyl halky öýüňe tarap elini uzadyp, senden rehim-şepagat dilese+ (her kimiň öz ýürek derdi bardyr)+, 39 gökdäki mekanyňdan eşit-de+, olaryň günäsini geçip+, kömek et. Her kese eden işine görä hakyny ber+, sebäbi sen adamyň ýüregini görýäň, hawa, adamyň ýüregini diňe sen bilýäň+. 40 Goý, halk ata-babalarymyza beren ýurduňda bütin ömrüne saňa çuňňur hormat goýsun*.
-