-
3 Musa 26:34Mukaddes Kitap
-
-
34 Ýat ýurtda ýesir bolup ýaşarsyňyz, watanyňyz bolsa harabalykda ýatyp, öňki Sabat ýyllarynyň öwezini dolar. Boşap galan ýurt dynç alyp, Sabat ýyllaryny bellär+.
-
-
1 Patyşalar 8:46—50Mukaddes Kitap
-
-
46 Eger halk saňa garşy günä etse (sebäbi günä etmeýän adam ýok)+, senem gaharlanyp, olary duşmanlaryň eline berseň, duşmanlar olary ýakyn ýa daş ýurda ýesirlige äkitse+, 47 olar hem ýesir düşen ýurdunda akylyna aýlanyp+, saňa ýüz tutsa+, ýesirlikde senden rehim-şepagat diläp+: „Biz günä etdik, dogry ýoldan sowlup, erbetlik etdik“+ diýip ýalbarsalar, 48 duşmanlaryň ýurdunda ýesirlikdekä, bütin ýüregi, bütin jany* bilen saňa dolansalar+, ata-babalaryna beren ýurduňa, saýlan şäheriňe we adyň üçin guran öýüme tarap seredip doga etseler+, 49 gökdäki mekanyňdan+ doga-dileglerini eşidip, olardan razy bol, dadyna ýetiş. 50 Halkyň saňa garşy eden günälerini, etmişlerini bagyşla. Ýesir alan duşmanlaryň olara haýpy geler ýaly, ýüreklerini ýumşat+.
-
-
Danyýar 9:7Mukaddes Kitap
-
-
7 Ýehowa, sen dogruçyl, biz bolsa henize çenli ýüzügara. Ýahuda we Iýerusalim halky, ysraýyllaryň ählisi saňa biwepalyk edendikleri üçin ýüzügara. Sen olary ýakyn we daş ülkelere, dünýäniň ähli künjegine pytratdyň+.
-