-
5 Musa 30:1—3Mukaddes Kitap
-
-
30 Şu aýdan zatlarym berjaý bolanda, Ýehowa Hudaý sizi halklaryň arasyna+ dargadanda, alkyş* we gargyş+ baradaky sözlerimi ýatlarsyňyz+. 2 Şonda özüňiz hem, ogullaryňyz hem bütin ýüregiňiz, bütin janyňyz*+ bilen Ýehowa Hudaýyňyza dolanyp+, men arkaly beren tabşyryklaryna gulak assaňyz, 3 Ýehowa Hudaýyňyz rehim edip+, ýesirleri yzyna getirer+. Ýehowa Hudaýyňyz sizi dargadan halklarynyň arasyndan ýygnar+.
-
-
Danyýar 9:2, 3Mukaddes Kitap
-
-
2 Dariýiň patyşalygynyň birinji ýylynda, men, Danyýar mukaddes golýazmalary okadym. Ýehowanyň Ýermeýa pygamber arkaly aýdan sözlerinden Iýerusalimiň 70 ýyllap+ haraba bolup ýatjakdygyna+ düşündim. 3 Men hak Hudaý Ýehowa ýalbaryp kömek soradym, agyz bekledim+, jul* geýdim we kül üstünde oturyp, doga edip başladym.
-