-
3 Musa 4:8—10Mukaddes Kitap
-
-
8 Soňra ol günä gurbanlygy hökmünde berilýän öküzçäniň ähli ýagyny: içýagyny, içege ýagyny, 9 iki böwregini we olaryň ýagyny aýyrsyn. Bagryň töweregindäki ýagy hem böwregi bilen aýryp goýsun+. 10 Olary parahatlyk gurbanlygy+ üçin berilýän öküziňki ýaly edip aýryň. Ruhany olary gurbanlyk ojagynda ýaksyn.
-
-
1 Patyşalar 8:64—66Mukaddes Kitap
-
-
64 Şol gün patyşa Ýehowanyň öýündäki howlynyň ortasyny mukaddes etdi. Ol ýakma gurbanlyklary, galla sadakalary we parahatlyk gurbanlyklaryň ýagyny howlynyň ortasynda ýakmaly boldy. Sebäbi Ýehowanyň huzuryndaky misden ýasalan gurbanlyk ojagy+ kiçi bolansoň, ýakma gurbanlyklary, galla sadakalary we parahatlyk gurbanlyklaryň ýagy+ sygmady. 65 Süleýman tutuş ysraýyl halky bilen baýram etdi+. Lebo-hamatdan* tä Müsür jülgesine+ çenli aralykda ýaşaýan adamlaryň hemmesi gelipdi. Olar Ýehowa Hudaýyň huzurynda 7 gün, soňra ýene 7 gün, jemi 14 günläp baýram etdiler. 66 Ertesi gün Süleýman halky öýli-öýüne iberdi. Olar Ýehowanyň guly Dawuda we ysraýyl halkyna eden ýagşylyklaryna+ begenip, ýürekden şatlanyp, patyşa alkyş okap, öýlerine gaýtdylar.
-