-
4 Musa 28:11—15Mukaddes Kitap
-
-
11 Her aýyň başynda iki öküzçäni, bir goçy we ýedi sany şikessiz erkek toklyny Ýehowa ýakma gurbanlygy edip beriň+. 12 Her öküzçäniň ýany bilen galla sadakasy+ hökmünde üç jam*, goçuň+ ýany bilen bolsa iki jam* ýokary hilli una ýag garyp getiriň. 13 Her toklynyň ýany bilen bir jam* ýokary hilli una ýag garyp, galla sadakasyny hödürläň. Ýehowa üçin ýakymly ysly ýakma gurbanlyk+ şeýdip berilmelidir. 14 Öküzçäniň ýany bilen ýarym küýze+, goçuň ýany bilen bir ýarym golça*+, toklynyň ýany bilen bolsa bir golça*+ şerap sadakasyny getiriň. Ýylyň dowamynda her aý ýakma gurbanlygyny şeýdip bermelisiňiz. 15 Mundan başga-da, her gün ýakma gurbanlygyny we şerap sadakasyny bereniňizde, Ýehowa günä gurbanlygy üçin bir owlak hem hödürläň.
-