11 Uzyýanyň ýaragly goşuny hem bardy. Olar topar-topar bolup söweşe çykardy. Patyşanyň emeldary Hananýanyň baştutanlygynda Maseýa serkerde bilen Ýegel kätip+ esgerleri hasaba aldy+.
16 Emma Uzyýanyň güýç-kuwwaty artanda, ol tekepbir bolup, heläkçilige uçrady. Ol tütetgi ojagynda* tütetgi ýakmak üçin Ýehowanyň ybadathanasyna girip, Ýehowa Hudaýa biwepalyk etdi+.