-
1 Patyşalar 12:22—24Mukaddes Kitap
-
-
22 Şonda hak Hudaý Şemaýa pygambere*+ şeýle diýdi: 23 «Git-de, Ýahuda patyşasy Süleýmanyň ogly Rehobama, ýahuda bilen benýamin taýpalaryna we galan halka aýt: 24 „Ýehowa şeýle diýýär: „Ysraýyl doganlaryňyza garşy çykmaň, olar bilen söweşmäň, hemmäňiz öýli-öýüňize gaýdyň. Sebäbi şeýle bolmagyna men ýol berdim“»+. Olar Ýehowanyň sözüne gulak asyp, Ýehowanyň aýdyşy ýaly, öýli-öýüne gaýtdylar.
-