22 Emma Ýahuda halky Ýehowanyň öňünde erbet işleri edýärdi+. Olaryň eden günäleri ata-babalaryndan hem geçirdi+. 23 Olar her bir beýik baýyrda+, uly agajyň aşagynda+ seždegähleri* gurup, keramatly sütünleri, keramatly pürsleri*+ dikýärdiler.
4 Ol seždegähleri*+ ýumurdy, keramatly sütünleri çym-pytrak edip, keramatly pürsi*+ çapdy. Musanyň misden ýasan ýylanyny+ hem kül-owram etdi, sebäbi ysraýyllar şol ýylana Nehuştan* diýip at goýup, öňünde gurbanlyk ýakýardylar.