-
1 Patyşalar 15:17—19Mukaddes Kitap
-
-
17 Ysraýyl patyşasy Başa Ýahuda garşy söweşe çykdy. Ol Ýahuda patyşasy Asanyň+ ýurduna gelip gidýänleriň ýoluny ýapmak üçin, Rama galasyny+ dikeldip başlady. 18 Şonda Asa Ýehowanyň öýündäki we köşkdäki hazynalarda galan altyn-kümüşleri alyp, hyzmatkärlerine berdi-de, Damaskda ýaşaýan Siriýa patyşasyna+, Tabrymonyň ogly, Hezýonyň agtygy Benhadata iberdi. Asa Benhadata: 19 «Kakalarymyz hem, ikimiz hem ylalaşyk* baglaşypdyk. Ine şu altyn-kümüşleri saňa sowgat iberýärin. Gel-de, Ysraýyl patyşasy Başa bilen baglaşan ylalaşygyňy boz, goý, ol ýurdumdan yza çekilsin» diýip habar ýollady.
-